31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.
Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.
Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi dynç alýanlaryň wagtlaryny şatlykly geçirmeklerinde, seýilgähiň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň çäginde alnyp barylýan işler häzirki zaman ylmynyň gazananlary we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.
Durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çägindäki gurluşyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Köpriniň we beýleki desgalaryň sütünleri, germewleri, olaryň bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şäherde ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, binalaryň berklik babatda bildirilýän talaplara, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadag şäherindäki harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz hasabatlary diňläp, Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işleri ünsden düşürdiler. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli we beýleki gulluklaryň işi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Bular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän gulluklarynda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we işleri sazlaşykly ýola goýmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz: “Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz” diýip, olara berk tabşyryk berdi.