8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylygy, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy wajyp talap hökmünde kesgitlenendir.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy onuň gurluşynda, bezeg aýratynlyklarynda döwrebap önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şunda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.
Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi, dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly aýratynlyklar öz beýanyny tapmalydyr.

Iş maslahatyny geçirdi
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Arkadagymyza şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň, seýilgählerde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçilik talabalaýyk bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň desgalarynyň bezeg işlerinde millilige aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe bellikler aýdyldy we düzedişler girizildi.

Köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlary berler
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de häkim hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen, şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, bu ýerde degişli ekologik ýagdaýy saklamak üçin hemmetaraplaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna, olara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, bu ýerde Halkara zenanlar güni ýokary derejede, giňden bellenilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Gaýtadan işlenen lagym suwy bilen şäheriň gök zolaklary suwarylar
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän, lagym suwuny gaýtadan işleýän desga bardy.
Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda lagym suwuny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Milli Liderimize şäheriň lagym suwuny gaýtadan işlejek täze desganyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Arkadagymyz indi guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.