Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýar. Şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, 5-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.