17-30-njy iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin senagat parklarynyň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça geçirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň 5 sany wekili bilen bilelikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy gatnaşdy.
Týanzin we Şenžen şäherlerinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşyjylar Týanzin ykdysady-tehniki ösüş zolagynda bolup, şol ýerde kärhanalaryň döredilmegi we iş alyp barmagy bilen baglanyşykly administratiw hyzmatlaryň “bir penjire” ulgamy boýunça guralyşy bilen tanyşdylar. Bu ulgam arkaly degişli rugsatnamalaryň, bellikleriň we resminamalaryň çalt hem-de täsirli usulda berilýändigi görkezildi. Maslahatda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýörite ykdysady zolaklaryň döreýiş taryhy, hukuk we ykdysady esaslary hem-de olaryň ösüşine täsir edýän möhüm faktorlar boýunça maglumatlar berildi. Halkara tejribeleri bilen birlikde Hytaýyň ykdysady ösüşinde bu zolaklaryň orny baradaky tejribesini paýlaşdy.
Soňra okuw maslahaty Şenžen şäherinde dowam etdirilip, “Senagat parklarynyň ösüşiniň görnüşleri we aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda Şenžendäki sanly we ýokary tehnologiýaly senagat parklarynyň döreýşi, ösüş modeli, ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşy hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň esasynda döredilen dolandyryş ulgamy ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumat berildi.
Maslahata gatnaşyjylar Şenžen şäherindäki meşhur Lohu söwda merkezine baryp, söwda infrastrukturasynyň gurluşy, içerki we halkara bazarlaryň arasyndaky gatnaşyklar, daşary ýurtly alyjylara döredilýän mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Şeýle-de çärä gatnaşyjylar Týanzin şäheriniň täze hem-de innowasion Binhaý etrabynyň giňişlik meýilnamasy, ýaşaýyş we senagat zolaklarynyň sazlaşykly ýerleşişi, döwrebap infrastruktura ulgamlary we durnukly şäher ösüşiniň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar.
Şeýle-de gatnaşyjylar Hytaý-Singapur hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Binhaý etrabynda döredilen ekologiýa şäheri (Eco-City) bilen tanyşdylar. Bu şäher howa we suw serişdeleriniň goraglylygyny üpjün etmek, pes zyňyndyly önümçilik zolaklaryny döretmek hem-de energiýanyň täze çeşmeleri bilen üpjünçiligi ýaly ugurlarda ösen tehnologiýalary ulanmak bilen tapawutlanýar.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.