Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy boldy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy we Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine hem gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
Iki ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy orny eýeleýär. Energetika, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky taslamalar diňe bir iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi adaty täjirçilik taslamasy bolman, energetika howpsuzlygyny üpjün edýän we uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin binýady döredýän strategik taslamadyr.
Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Şeýle dialog medeni gatnaşyklaryň döwletleri ýakynlaşdyrmaga ýardam berýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Umuman, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä – «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle abraýly çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ähmiýetli ornuny nobatdaky gezek görkezdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Hormatly Prezidentimiziň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.