Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda türkmen milli göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Guşakly göreş görnüşleri milli federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de, ýurdumyzyň welaýatlaryndan pälwanlaryň 200-den gowragy gatnaşdy.
Türkmen milli göreşi boýunça bäsleşikler agram derejeleriniň 8-si boýunça ýaýbaňlandyryldy. 57 kg, 61 kg hem-de 68 kg agram derejelerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna taý gelen bolmady. 57 kg-de Muhammetarslan Geldiýew, 62 kg-de Ýakup Babaýew, 68 kg-de bolsa Yhlas Begmyradow dagy ýeňiji boldy. 75 kilogram agramda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Agaýusup Garaýew hemmelerden rüstem geldi. 82 kg-de Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginde zähmet çekýän Silapberdi Nuryýew ýeňiş gazansa, 90 kg-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde ýeňşi elden bermedi. 100 kilogramdan ýokary agramda bolsa Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Öwezgeldi Berdiýew 1-nji orna mynasyp boldy.

Ceşme: «Türkmen sporty» gazeti.