4-nji sentýabrda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.
Festiwal dünýäniň ähli künjeginden meşhur sazandalary hem-de klassyky sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän adamlary jemlemek bilen, medeniýetara gepleşikler we döredijilik tejribesini alyşmak üçin wajyp meýdança öwrüldi.
9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.
Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan hem-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestrynyň düzüminde çykyş edýärler.
Sinandali festiwaly ýaş ýerine ýetirijiler üçin diňe bir meşhur ussatlardan öwrenmäge däl-de, eýsem olaryň öz döredijilik tejribelerini baýlaşdyrmak we mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen ussatlygyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.
Sinandali festiwaly 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder.