Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 11 — 15-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler.
Halkara sergä ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew hem-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeş goýujysy Batyr Bekmyradow wekilçilik ederler.
«Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşmak üçin ildeşlerimiz 10 — 16-njy dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.