20-22-nji maý aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Türki döwletleriň talyplarynyň sahna oýunlarynyň III Halkara festiwaly geçirildi. Bu festiwal Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň 100-den gowrak ýaş aktýorlaryny, režissýorlaryny hem-de teatr höwesjeňlerini bir ýere jemledi. Iki gün dowam eden festiwalda oňa gatnaşyjylar özara tejribe alşyp, teatr ýyldyzlarynyň ussatlyk sapaklaryndan ylham aldylar. Eýýäm däbe öwrülen bu festiwal üçünji gezek Gazagystanyň medeni paýtagtynda geçirilip, Almaty türk dünýäsiniň ýaş zehinleriniň üns merkezindedir.

Bilşiňiz ýaly, ozal türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren “Gyzyl kürte” çeper filminiň baş gahrymanlaryndan Aýna Jumaýewa kino dünýäsindäki üstünliginiň üstüni teatr sahnasyndaky üstünligi bilen ýetirdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa Gazagystanda geçirilen III Halkara Türki dünýäsıniň talyplarynyň teatr festiwalyna gatnaşyp, bu ýerde-de üstünlikli çykyş etdi. Ol festiwalyň “Iň gowy zenan keşbi” ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Türkmen talybyna baýragyny TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew gowşurdy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar topary bu festiwalda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda taýýarlan sahna oýny bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.