Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetinde 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bir okuw ýyly möhlet bilen geçirilýän koreý we iňlis dili ugurlary boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 25-nji awgusty – 2026-njy ýylyň 25-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetine okuwa iberildi.
Bu mümkinçilik talyplaryň dil babatdaky bilimlerini has hem artdyrmaklaryna we toplan tejribelerini geljekde bilim ulgamynda iş ýüzünde ulanmaklaryna itergi berer.

Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty