Kluj-Napoka Tehniki uniwersiteti (TUCN) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygynyň hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň esasynda, 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde türkmen tarapynyň wekilleri üçin tomusky tejribelik maksatnamasy geçirilýär.
Maksatnama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 14 talyby we 2 mugallymy gatnaşýar. Amaly sapaklar we ylmy-bilim çäreleri uniwersitetiň ýöriteleşdirilen fakultetleriniň laboratoriýalarynda guramaçylykly geçirilýär.
Gatnaşyjylaryň hünär ugry bilen baglanyşykly Kluj-Napoka şäherindäki we töweregindäki öňdebaryjy kärhanalara okuw saparlarynyň guralmagy tejribeligiň esasy bölegini düzýär. Agzalanlar türkmen talyplaryna we mugallymlaryna gymmatly amaly tejribe gazanmaga, häzirki zaman tehnologiýalary we iş usullary bilen tanyşmaga hem-de hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Şuňa meňzeş maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara akademiki alyş-çalşygy ösdürmäge möhüm goşant bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär hem-de telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugury boýunça hünärmen taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrýar.