Türkmen tazylarynyň tüý örtügi gyşda ýumşak ýüpek, ýalpyldap duran, boýy uzyn, inçemik syrdamly, kellesi inçe, uzyn aýaklary uzyn syrdam ýalpyldap duran ullakan tegelek gözli, gulaklary gypyk, guýrugy inçe, sähelçe tüýlüje ýokarlygyna togalanyp duran şekilli bolýar. Türkmen tazylary gözleriniň ýitiligi we ys algyrlygy bilen hem tapawutlanýarlar. Olaryň sagatda 70-75 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler.
Türkmen tazylaryna Russiýa Federasiýasy, Belarus, Gazagystan, Germaniýa we Şwesiýa ýaly gaýry ýurtlarda duş gelinýän bolsa-da, türkmen topragynda kemala gelýän tazylaryň aýratynlyklary gözüňi dokundurýar. Irki döwürlerde, has takygy 1927-nji ýylda Moskwa şäherinde “Moskwa awçylary” atly dördünji awçy itleriň sergisinde türkmen tazysy kümüş medala mynasyp bolupdyr. Şol sergide özüniň owadanlygy, düşbüligi, dogumlylygy, ys alyjylygy bilen dünýäni haýrana goýupdyr. Olar bu günki gün hem özleriniň gadyr-gymmatyny ýitirenok. Türkmen tazylarynyň baý geçmişli taryhy bolup, geçmişde tazylar öýe salynyp, oňa örän uly üns berilýän itleriň ýeke-täk görnüşleriniň hatarynda tanalypdyr. Türkmen tazylary bilen aw etmegiň aýratynlyklary dogrusynda ilat arasynda “Tazysyz awa gitseň, tilki tutmarsyň”, ”Tazy güjükkä aw etmegi öwret” diýen ýaly dürli pähimler ýöräpdir. Türkmen tazylarynyň ömri 14-15 ýyla çenli bolup, olary 6 aýlykdan awa salyp, 8-9 ýaşa çenli awçylara hyzmat etmegiň syrlary öwredilipdir. Tomsuň jöwzaly yssysynda olary düýe süýdi bilen iýmitlendirmegi bolsa olaryň ýüwrük-ýyndamlygyna oňyn täsirini ýetiripdir. Gyş paslynyň aýazly sowugynda bolsa, itleri geýindirip, aşa sowukdan gorapdyrlar. Aw edilende ýaly az mukdarda berip, awdan soň tä doýýançalar gaýnadylan et bermekleri türkmen tazylarynyň awa bolan ukyplarynyň artmagyna getiripdir.
Häzirki wagtda hem awçylykda deňi-taýy bolmadyk türkmen tazylary idedilýär, awçylyk sungaty kämilleşdirilýär.
Daýanç Bekdurdyýew, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.