Bilelikdäki Söwda-Senagat Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen wekiliýeti Birleşen Patyşalykda saparda boldular. Saparyň çäklerinde olar Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň esasy ugurlary akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak we öňdebaryjy bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly boldy.
Wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasynda halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalary bilen tanyşdy. Täze çemeleşmelere esaslanýan okuw usulyýetine, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagyna, şeýle hem uniwersitetiň senagat we işewürlik ulgamlary bilen saklaýan ýakyn hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.
Soňra Britaniýanyň uniwersitetleriniň, işewür toparlarynyň we Britan Geňeşiniň wekilleri bilen wideo duşuşyklaryň we iş maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi.
Kowentri uniwersitetinde geçirilen duşuşyk Türkmenistany we Birleşen Patyşalygy baglanyşdyrýan bilim hyzmatdaşlygy çygryndaky netijeli çäreleriň biri boldy. Britan uniwersitetiniň wekilleri sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrylmak we senagat pudagy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe başlangyjy öňe sürdüler.
Kowentri uniwersiteti dünýäniň abraýly “Times Higher Education” we “QS Education Ranking” sanawlaryna girýän ýokary okuw mekdebidir. Bu bolsa onuň ýokary akademiki derejesini tassyklaýar. Uniwersitet uly halkara tejribesine eýe bolan ýokary okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Onuň Müsürde, Marokkoda, Polşada, Gazagystanda, Alžirde we Günorta-Gündogar Aziýada şahamçalary hereket edýär.
Londonda ýerleşýän Kowentri uniwersitetiniň Dolandyryş mekdebiniň ýolbaşçysy, doktor Joanna Woulgaropoulou bilen geçirilen duşuşykda, esasan, ýokary bilimden soňky bilimiň okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara pikir alşyldy. Uniwersitetiň marketing, ykdysadyýet, maliýe, menejment we global işewürlik ugurlary boýunça çeýe magistr we bakalawr maksatnamalaryny hödürleýändigini bellemek gerek.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar gepleşikleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini içgin öwrenmek maksady bilen bilermenleriň maslahatlaşmalaryny guramak barada gyzyklanmalarynyň bardygyny beýan etdiler.