29-njy mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry B.Al­lak­ba­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça se­bit­le­ýin fo­ru­my­na gat­naş­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti fo­ru­myň ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýa­sy bö­lü­min­de çy­kyş edip, Türk­me­nis­tan üçin se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty üçin mö­hüm stra­te­gi­ki ugur­la­ryn­dan bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da bel­läp geç­di.
Şeý­le hem, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li mak­sat­na­ma­la­ra we me­ýil­na­ma­la­ry­na goş­mak ar­ka­ly we “Hiç ki­mi yz­da gal­dyr­maz­lyk” ýö­rel­ge­si­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da DÖM-niň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te iş­jeň ut­gaş­dy­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da nyg­tal­dy.