16-njy maýda BMG-niň goldamagynda Italiýanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda gurnalan “Future We Want – Global Initiative for Young Leaders” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasy ulgamynyň strategiki ugruna ünsi çekdi.
Bitaraplyk, konstruktiw gepleşikler we halkara jogapkärçilik ruhuny görkezýän başlangyçlara aýratyn üns berildi. Bu nukdaýnazardan, türkmen wekiliýeti ýubileýiň aýratyn ähmiýetini – ählumumy parahatçylygy, ynamy we durnukly ösüşi güýçlendirmäge ýurduň goşandy hasaplanýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilendiginiň 30 ýyllygyny belläp geçdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýaşlaryň liderligine bagyşlanan maslahata gatnaşmagy möhüm simwoliki ähmiýete eýe bolýar.
Hemişelik wekilhana hem birnäçe milli ýaşlar başlangyçlary, şol sanda “Ýaş DÖM-nyň Ilçileri” we halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taslamalar barada belledi. Bu başlangyçlar Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge we dünýä derejesinde ýaş liderleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Bu çäre pikir alyşmak hem-de durnukly we asuda geljegiň emele gelmegine gönükdirilen ýaşlar başlangyçlaryny öňe sürmek üçin möhüm meýdança boldy.