15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, döw­let Baştutanymyz Ýa­po­ni­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Osa­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän «EKSPO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne bar­dy we Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­pon-türk­men par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry­nyň baş­ly­gy En­do To­şia­ki bi­len du­şuş­dy.
Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry­nyň köş­gün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to bi­len du­şuş­dy.
Onuň Aly­je­na­by Im­pe­ra­tor be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hä­zir­ki wagt­da iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýa­po­ni­ýa il­kin­ji sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le-de ýa­pon Im­pe­ra­to­ry döw­let Baştutanymyzy «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gü­nü­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy we bu wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne ün­si çek­di. Onuň Aly­je­na­by Na­ru­hi­to ýur­du­my­zyň bu ser­gä gat­naş­ma­gy­nyň onuň äh­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler we bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin min­net­dar­ly­gy­ny be­ýan edip, Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to­ny «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy. Hormatly Prezidentimiz şu gün­ki du­şu­şy­gyň Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek­de tä­ze tap­gyr bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ibe­ren sa­la­my­ny ýe­tir­di.
Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de türk­men halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şah­sy go­şan­dy­ny bel­läp, mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Ýa­po­ni­ýa öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we ösen se­na­ga­ty bi­len bel­li­dir. Te­bi­gy se­riş­de­le­riň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan, öz ge­ze­gin­de, ýa­pon teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly bu baý­lyk­la­ry has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny, şol san­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ne­bit­gaz se­na­ga­ty, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, ulag hem-de oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ry­ny iş­jeň döw­re­bap­laş­dyr­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin in­no­wa­si­on çe­me­leş­me­le­riň we Ýa­po­ni­ýa ýa­ly öň­de­ba­ry­jy ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­po­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ener­gi­ýa­nyň di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, eko­lo­gi­ýa, dur­nuk­ly ösüş ýa­ly ugur­lar­da mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­me­giň iki ýurt üçin hem go­wy ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Ýa­pon me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty we däp-des­sur­la­ry Türk­me­nis­tan­da he­mi­şe uly hor­mat hem-de gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ne-de Ýa­po­ni­ýa­da uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär.
Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to bi­lim ul­ga­myn­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýa­pon di­li­niň öw­re­dil­me­gi­niň örän gu­wan­dy­ry­jy­dy­gy­ny aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let Baştutanymyz hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry uzak möh­let­le­ýin stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Ýa­po­ni­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Si­ge­ru Isi­ba­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Dost­luk­ly ýur­duň Hö­kü­met Baştutany hormatly Prezidentimizi hem-de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry­ny ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, şu ge­zek­ki sa­pa­ryň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ýa­po­ni­ýa il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­le­di we ça­ky­ly­gy ka­bul edip, Ýa­po­ni­ýa ge­len­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le-de Prem­ýer-mi­nistr hor­mat­ly Prezidentimizi «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gü­nü­niň açyl­ma­gy bi­len gut­lap, bu wa­ka my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni bel­le­di.
Si­ge­ru Isi­ba ýa­pon-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lyp, ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Ýa­po­ni­ýa­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge hem-de ony tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len üç ge­zek ber­ki­di­len Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­na Ýa­po­ni­ýa­da ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz adyn­dan, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan mä­hir­li gar­şy­lan­dyk­la­ry we myh­man­sö­ýer­lik üçin ýa­pon ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Prem­ýer-mi­nistr Si­ge­ru Isi­ba türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­ni Osa­ka­da «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň da­ba­ra­ly açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy we bu ser­gi­niň in­no­wa­si­ýa­la­ryň, me­de­ni­ýet­le­ri öza­ra alyş­ma­gyň, äh­lu­mu­my de­re­je­de hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­me­nis­tan we Ýa­po­ni­ýa äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Iki ýur­duň ara­syn­da iş­jeň sy­ýa­sy dia­log al­nyp ba­ryl­ýar, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk do­wam et­di­ril­ýär, şeý­le hem par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýurt­la­ry­myz di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de däl, eý­sem, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de-de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Mu­nuň özi dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ryň we tek­lip­le­riň öza­ra gol­da­nyl­ma­gyn­da aý­dyň gö­rün­ýär.
Türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy köp­ta­rap­la­ýyn for­mat­da, hu­su­san-da, «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­nyň çäk­le­rin­de-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Bu dia­log köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nü­şi bo­lup dur­ýar. De­giş­li for­ma­tyň çäk­le­rin­de oba ho­ja­ly­gy, ulag we ma­ýa go­ýum­lar ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan se­bit de­re­je­sin­dä­ki bir­nä­çe yk­dy­sa­dy tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Biz Ýa­po­ni­ýa bi­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ýa­po­ni­ýa» me­de­ni dia­lo­gy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy­myz ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­dir di­ýip ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­mek bi­len, esa­sy ugur­la­ra ün­si çek­di.
Bi­rin­ji ugur – sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da­ky öza­ra gat­na­şyk­lar. Hormatly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň türk­men-ýa­pon sy­ýa­sy dia­lo­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry güýç­len­dir­mek üçin da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry, şeý­le-de iki ýur­duň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­la­ry bo­ýun­ça öza­ra he­re­ket­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­gi tek­lip et­di.
Ikin­ji ugur söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­dir. Hä­zir­ki wag­ta çen­li Türk­me­nis­tan­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da bir­nä­çe iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ýa­po­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tä­ze yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy we şo­la­ryň ha­ta­ryn­da am­mi­ak we kar­ba­mid, şeý­le-de te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän ikin­ji za­wod­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy üçün­ji esa­sy ugur hök­mün­de gör­kez­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň il­çi­ha­na­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da Aş­ga­bat­da Ýa­pon ki­no­sy­nyň gün­le­ri, Ike­ba­na­nyň we ýa­pon aş­ha­na­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ýa­ly dür­li me­de­ni çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. 2024-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da açy­lan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­myn­da ýa­pon ýa­zy­jy­sy Ýa­su­na­ri Ka­wa­ba­ta­nyň heý­ke­li otur­dyl­dy. Iki ýur­duň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Türk­me­nis­tan­da ýa­pon di­li­ni öw­ren­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň bir­nä­çe ýo­ka­ry okuw we or­ta mek­dep­le­rin­de ýa­pon di­li öw­re­dil­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar hem iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­let Baştutanymyz şu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni, 12-nji de­kabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­nyň bol­sa ýy­lyň esa­sy wa­ka­sy bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Prem­ýer-mi­nistr Si­ge­ru Isi­ba­ny bu fo­ru­myň işi­ne gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Şol gün sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti­niň pre­zi­den­ti Kýo­su­ke Na­ga­ta bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti­niň hor­mat­ly dok­to­ry aka­de­mi­ki de­re­je­si­niň de­giş­li dip­lo­my­ gow­şuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ýa­po­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ban­ky­nyň baş­ly­gy Ha­ýah­si No­bu­mit­su, Ýa­po­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len hem du­şu­şy­gy bol­dy.