Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, dok­ma pu­da­gy üçin bu gym­mat­ly çig ma­ly taý­ýar­la­mak boýunça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän yzy­gi­der­li gol­daw­la­ra da­ýa­ny­lyp, ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Dok­ma se­na­ga­ty top­lu­myn­da, şol san­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li daý­han­çy­lyk däp­le­ri hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar. Şun­luk­da, oba­se­na­gat top­lu­my­na yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­nyň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Döw­le­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li gol­da­wy esa­syn­da ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer ýü­pek­çi­le­ri “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” ýy­lyn­da Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, öz üst­le­ri­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­ziň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz çe­ken zäh­me­ti ar­ka­ly ön­dü­ri­len pi­lä­niň bol ha­sy­ly bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ha­lal ojak­la­ry­nyň be­re­ke­di­dir, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dy­my hünärleriniň bi­ri bo­lan ýü­pek­çi­li­giň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow 8-nji iýun­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da gel­jek­de ýü­pek­çi­li­ge goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ila­ty­myz üçin goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Hut şu iş­ler hem ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni do­ly ýü­ze çy­kar­ýar.

Bu pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne onuň hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň aja­ýyp däp­le­ri­niň bi­ri bo­lan­ly­gyn­dan ugur al­nyp, aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ýü­pek­çi­lik dok­ma se­na­ga­ty­ny belent sep­git­le­re çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýü­pek ke­te­ni­den ti­ki­len egin-eşik­ler türk­men ze­na­ny­nyň ga­dym­dan gel­ýän mil­li ly­bas­la­ry­dyr. Örän owa­dan, kö­pö­wüş­gin­li, ne­pis we berk “mul­ham” hem-de “ka­zin” ma­ta­la­ry ga­dy­my Mer­wiň çe­per el­li us­sat­la­ry ta­ra­pyn­dan do­ka­lyp­dyr, ýü­pek­den do­ka­lan aja­ýyp türk­men ha­ly­la­ry ga­dym­dan bä­ri Gün­ba­ta­ry we Gün­do­ga­ry yg­ty­bar­ly söw­da ugur­la­ry bi­len bag­la­nyş­dy­ran Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ker­wen­ler­de on­lar­ça ýurt­la­ra ibe­ri­lip­dir. Şeý­le-de Merw­de dün­ýä­de ýe­ke-täk ýü­pek­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy bo­lup­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­byn­da ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­li­gi­niň ta­ry­hy ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry ge­tir­ýär. Ki­tap­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, merw­li ýü­pek­çi­le­riň ara­syn­da hem hy­taý­ly­la­ryň ýü­pek al­mak usul­la­ry­ny öz­leş­di­ren us­sat­lar bo­lup­dyr. Şä­he­re suw bar­ýan Ma­jan hem-de Ra­zik aka­ba­la­ry­nyň tö­we­re­gin­de tut agaç­la­ry ösüp­dir. Tut önüm­çi­li­gi ýü­pek gur­çuk­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin kö­pelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Pi­le­den çöş­le­nip alyn­ýan ýü­pek sa­pa­jyk­lar nä­zik, şeý­le-de ýo­ka­ry hil­li syk, di­gir-di­gir zo­lak­ly ýa-da tu­tuk ma­ta­nyň ýü­zü­ne çe­ki­len na­gyş­ly ýü­pek par­ça­la­ry, köş­güň, sol­ta­nyň ýat­ýan ota­gy­nyň be­ze­gin­de peý­da­la­nyl­ýan owa­dan ma­ta­la­ry do­ka­ma­ga harç­la­nyp­dyr. Mer­wiň ýü­pek ma­ta­la­ry zer go­şu­lyp do­ka­lan hy­taý, hin­di par­ça­la­ry, Wi­zan­ti­ýa­nyň gyr­my­zy ma­ta­la­ry bi­len bäs­le­şip­dir.

Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, ga­dym­dan gel­ýän bu mil­li pu­dak gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär. Ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň çig mal bin­ýa­dy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şun­da tut agaç­la­ry­nyň ýur­du­myz­da ekil­ýän iň go­wy gör­nüş­le­ri­niň ýaý­ra­dyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän pi­lä­niň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň gym­mat­ly çig mal bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da ýü­pek önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry esa­syn­da ýo­la go­ýul­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bo­lup, olar do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha­na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­ny, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy. Hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan kär­ha­na­lar­da dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­le­ge eýe bo­lan önüm­ler — çig ýü­pek, in­çe ýü­pek ýüp­lük, ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu önüm­ler iň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Ýü­pek sü­ýü­min­den baş­ga-da, aja­ýyp ýü­pek ha­ly­lar, ke­te­ni ma­ta­la­ry­dyr gy­ňaç­lar ön­dü­ril­ýär. Bu önüm­ler da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­riň uly is­le­gin­den peý­da­lan­ýar.

Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi aras­sa ýü­pek­den ma­ta­la­ryň we ti­kin önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni öndürip, mö­hüm bu­ýur­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek — türk­men hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan baý­dak ma­ta­syn­dan Döw­let baý­dak­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýü­pek sü­ýü­mi paý­tag­ty­myz­da­ky pan­bar­hat ma­ta­sy­ny ön­dür­ýän fab­ri­giň bök­denç­siz iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Bu owa­dan ma­ta bü­tin dün­ýä­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Kär­ha­na­da ýü­pek çig ma­ly­ny il­kin­ji ge­zek gaý­ta­dan iş­le­mek­den baş­lap, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­mä­ge çen­li do­ly önüm­çi­lik ul­ga­my ta­kyk ýo­la go­ýul­dy.

Dok­ma işe­wür­li­gi­niň hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de pi­le­den taý­ýar­la­nyl­ýan ýü­pek çig ma­ly türk­men eks­por­ty­nyň mö­hüm ug­ru­ny düz­ýär. Da­şa­ry ýurt­la­ryň ga­lan­te­re­ýa önüm­le­ri­ni, luk­man­çy­lyk­da, awia­sion se­na­gat­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýan teh­ni­ki dok­ma önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan ýo­ka­ry hil­li ýü­pek sü­ýü­mi­ni eks­port et­mek bo­ýun­ça mö­hüm tek­lip­ler ge­lip go­wuş­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri­niň di­ňe bir ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gy­nyň dok­ma we ti­kin­çi­lik ul­gam­la­ryn­da däl, eý­sem, beý­le­ki ugur­lar­da-da uly is­leg dö­red­ýän­di­gi has äş­gär ýü­ze çyk­ýar. Dür­li reňk­li, kö­pö­wüş­gin­li ýü­pek ýüp­lük­le­ri­ne hem-de sa­pak­la­ry­na is­leg­le­riň ep-es­li art­ma­gy hu­su­sy kär­ha­na­lar­da el­de do­kal­ýan ha­ly­la­ryň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň, mil­li na­gyş­la­ryň­dyr keş­de­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len şert­len­di­ri­len­dir.

Dok­ma se­na­ga­ty­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek we eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ryň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça stra­te­gik we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ýer­le­şen 70-e go­laý kär­ha­nasy­nyň bol­ma­gy bi­len, ýo­ka­ry teh­no­lo­gik kuw­wa­ta hem-de yg­ty­bar­ly çig mal se­riş­de­le­ri­ne eýe­dir.

Pu­da­gyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly ar­ka­ly ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, kär­ha­na­la­ryň öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edil­me­gi­ne ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň gö­nük­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň önüm­le­ri­niň hi­li ýo­kar­lan­ýar we gör­nüş­le­ri art­ýar. Olar da­şa­ry ýurt­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ha­ryt­la­ry bi­len my­na­syp bäs­deş­lik edip bil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da pu­da­gyň önüm­çi­lik bin­ýa­dy­nyň esa­sy­ny pag­ta eg­ri­ji, dok­ma, ti­kin fab­rik­le­ri düz­ýär.

Dok­ma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň ýe­ne-de bi­ri ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek ba­ra­da­ky döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de ly­bas­la­ry taý­ýar­la­mak­dan yba­rat­dyr. Şo­nuň esa­syn­da türk­men tür­gen­le­ri­niň iri mil­li we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy üçin de­giş­li ny­şan­la­ry, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan gel­şik­li ge­ýim­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky ýö­ri­te bu­ýur­ma­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu sun­gat göz­ba­şy­ny hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ru­hy we mad­dy me­de­ni­ýe­ti­niň däp­le­rin­den alyp gaýd­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de mil­li mi­ra­sy­my­zy go­ra­ma­ga we baý­laş­dyr­ma­ga, ha­ly­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge döw­let ta­ra­pyn­dan uly gol­daw be­ril­ýär. Bu çe­per se­net­çi­li­gi giň­den wa­gyz et­mek, ga­dy­my ma­ta­la­ryň nus­ga­sy­ny sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ha­ly­çy­lyk pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Ozal­dan he­re­ket ed­ýän fab­rik­le­riň we önüm­çi­lik seh­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da tä­ze bö­lüm­ler açyl­ýar, bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­len­ýär. Olar­da ne­ti­je­li zäh­met çek­mek we us­sat ha­ly­çy­la­ryň dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da “Türk­men­ha­ly” döw­let bir­le­şi­gi­niň önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň çe­per el­li ha­ly­çy­la­ry aja­ýyp ýüň we ýü­pek ha­ly­la­ry do­kap, türk­men hal­ky­nyň örän baý ru­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gör­nü­şi­ni gaý­ta­dan di­keld­ýär­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men ha­ly­sy yn­san kal­by­ny jo­şa ge­tir­ýän gud­rat­dyr, türk­me­niň öz mil­le­ti­ne, di­li­ne, di­ni­ne, sun­ga­ty­na, asyl­ly däp-des­sur­la­ry­na bo­lan eg­sil­mez söý­gü­si­niň ny­şa­ny­dyr. Türk­men ha­ly­sy hal­ky­my­zyň ru­hy ah­wa­ly­dyr. Gö­zel­li­gi, ne­pis­li­gi, müň­ dür­li öwüş­gin­li­li­gi, reňk­le­ri­niň aja­ýyp saz­la­şy­gy bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan ha­ly­la­ry­myz­da hal­ky­my­zyň äh­li aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry jem­le­nen­dir.

Meş­hur ha­ly göl­le­ri­niň na­gyş­la­ry gül­läp ös­ýän Türk­me­nis­ta­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ny­şan­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan ha­ly göl­le­ri hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni, mil­le­ti­mi­ze mah­sus pa­ra­sat­ly­ly­gy, aja­ýyp­lyk­la­ra bo­lan çäk­siz is­leg­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Olar paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik keş­bin­de be­zeg na­gyş­la­ry­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Türk­men ha­ly­çy ze­nan­la­ry­nyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan el ha­ly­la­ry hä­zir­ki wagt­da-da hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň gö­zel­li­gi ha­kyn­da­ky “Jan­ly ro­wa­ýat” we “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly aja­ýyp ki­tap­la­ryň aw­to­ry bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu mil­li sun­ga­ty ös­dür­mä­ge be­ren uly gol­da­wy ne­ti­je­sin­de tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de bu mi­ras my­na­syp do­wa­ma­ta eýe bol­ýar.

“Türk­men­ha­ly” döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty el ha­ly­la­ry­nyň do­ka­ly­şy­nyň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­ga hem-de bu sun­ga­ta sar­pa goý­ýan da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň uly is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň üçin ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri art­dy­ryl­ýar. Hu­su­sy işe­wür­lik dü­zü­mi­niň we­kil­le­ri hem mil­li ha­ly­çy­lyk se­ne­di­ni giň­den ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar, olar ba­zar­la­ry ne­pis we ýo­ka­ry hil­li ha­ly önüm­le­ri bi­len üp­jün ed­ýär­ler.

Ýö­rite­leş­di­ri­len hal­ka­ra ser­gi­ler dok­ma se­na­ga­ty­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Fo­rum­lar dok­ma önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän we iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hö­dür­le­ýän dün­ýä­niň esa­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, fir­ma­la­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň dok­ma hem-de ha­ly önüm­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ryn­da giň­den wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, olar da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dür­li göz­den ge­çi­riş­ler­de gör­ke­zil­ýär. Ugur­daş kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri önüm­çi­li­giň tä­ze ugur­la­ry­ny dö­ret­mek bi­len bir ha­tar­da, ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň hil de­re­je­si­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler — taý­ýar­la­nyl­ýan önüm­ler ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän eko­lo­gik ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýär.

Şeý­le­lik­de, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men ýü­pek­çi­le­ri­niň zäh­met ýeň­şi pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň has-da art­dy­ryl­ma­gy­na, umu­man, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.