Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin Türkmenbaşy şäherinde iki sany 4 gatly, her biri 24 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk ruhuna beslenen dabara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, il sylagly ýaşulular we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerine mynasyp derejede döwrebap gurlan bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy bimöçber şatlyk-şowhuna, aýratyn ähmiýete beslendi.
Täsirli, şowhunly geçen dabarada çykyş edenler parasatly döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha täze rowaçlyklara eýe bolýandygyny, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, harby gullukçylaryň maşgalalary üçin nusgalyk derejedäki ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilýändigini çäksiz hoşallyk bilen buýsançly belläp geçdiler. Şeýle-de dabara gatnaşyjylary goşa toý-baýram hasaplanýan Watan goragçylarynyň güni we täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy bilen mähirli gutladylar. Täze öýleriň eýeleri bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň özlerine ajaýyp baýramçylyk sowgady bolandygyny aýratyn nygtamak bilen, özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan bu ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda önümçilikde aýratyn tapawutlanan ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda berilmegi hem zähmete, zähmet adamsyna goýulýan belent hormatyň, sylag-sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de şu ýerde täze öýleriň eýelerine olaryň açarlarynyň şowhunly, dowamly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy hem ýatdan çykmajak ýakymly, tolgundyryjy pursatlar boldy.
Baý mazmunda ýaýbaňlandyrylan dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de Balkan welaýatynyň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlary-da çykyş etdiler. Olaryň joşgunly çykyşlarynda taryhy eýýamymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin älem içre meşhur tutumlarynyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, Watan goragçylarynyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy ýetirildi.
Şeýle göwün göteriji, ajaýyp pursatlardan we hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginden soň, dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň otaglary bilen ýakyndan tanyşdylar. Täze ýaşaýyş jaýlaryň otaglarynyň ýokary derejedäki zerur serişdeler, durmuş maksatly enjamlar, owadan mebeller, beýleki döwrebap amatlyklar bilen üpjünçiligi hemmelerde hoşallyk duýgularyny döretdi. Ýaşuly nesliň wekilleri öý eýelerine: «Ýurt garşy alsyn! Baýramlaryňyz baýramlara, toýlaryňyz toýlara ulaşsyn!» diýip, tüýs ýüreklerinden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar. Şonuň ýaly-da döredip beren döwrebap şertleridir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
PDF









