«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap-seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl bolan uçarman hünäri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine kabul edişlik yglan edýär
Dalaşgärleri saýlap almagyň tertibi:
1. Okuwa Türkmenistanyň raýaty bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO) talaplaryna laýyk gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
2. Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.
3. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli.
Okuwyň möhleti 4 ýyl.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde şu ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
— umumy orta, orta hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy;
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);
— mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gepleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.
Resminamalar şu salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi,
«Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Telefon belgisi: 23-47-88.
Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada üçtaraplaýyn (awiakompaniýa, talyp we zamunçy) şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, talyp ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlandan soň, okan hünäri boýunça awiakompaniýada 10 ýyl işläp bermäge borçlanýar. Okuw üçin tölegler awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (umumy ýaşaýyş jaýy, saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri, günlük iýmit, ýol) çykdajylar dalaşgäriň hasabynadyr.
Giriş synaglary 1—31-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.