16-njy iýulda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew Milli Liderimizi mähirli mübärekläp, Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de iki halky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Prezident Ilham Aliýewe iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan hem-de ösdürmekden, ýetilen sepgitleri berkitmekden, täze ugurlarda taslamalary amala aşyrmaga itergi bermekden ybaratdygyny aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ruhuna laýyk gelýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň umumy taryhy kökleri bolup, iki halkyň aňyrsy hem oguzlardan gaýdýar. Özara gatnaşyklar berk taryhy binýada, iki halkyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna we garyndaşlygyna, hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerine, iki ýurduňdyr olaryň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine syýasy, ykdysady mümkinçilikleri gönükdirmäge taýýarlygyna esaslanýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny aýtdy. “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesi munuň esasy şerti bolup durýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dünýä we sebit meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini belledi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk eýerýärler. Iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini ilkinji bolup goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, iki ýurduň üstaşyr ulag taslamalarynyň sebit üçin möhüm ähmiýetini belledi. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň hem netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-azerbaýjan döwletara dialogynyň däp bolan möhüm ugry bolup durýar. Bu gatnaşyklar iki halkyň diliniň we dininiň umumylygyna esaslanyp, häzirki wagtda has-da giňeldilýär.
Gahryman Arkadagymyz iki halkyň hem gadymdan gelýän halyçylyk sungatyny asyrlaryň dowamynda sünnäläp, şu günlere çenli ýetirip gelendiklerini belledi. Şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň bedewlere uly sarpa goýýandyklaryna, özboluşly atşynaslyk, seçgiçilik däplerini dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iki halkyň Magtymguly, Seýdi, Nyzamy, Fizuly ýaly taryhda uly yz goýan beýik şahsyýetleriniň edebi mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşygyň hem geçiriljekdigini aýtdy we onuň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da meşhurdyr. Munuň özi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk Azerbaýjan topragynda hemişe bolşy ýaly, mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan tarapyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, öz adyndan, şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa azerbaýjan halkynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çakylygy we hoşniýetli sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, azerbaýjan tarapynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Azerbaýjan Respublikasynyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Şol gün iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Sahiba Gafarowa Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň döwletara gatnaşyklary, şol sanda parlamentler derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparynyň dowamynda Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, iki ýurduň halklaryny diliň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Sahiba Gafarowa Bitarap ýurt hökmünde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirýändigini belledi we öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklaryny, şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan parlament diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Şunda parlamentara dialogy ösdürmekde ýurtlarymyzyň Mejlislerinde döredilen dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi, olaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda parahatçylygy goramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, hormat goýmak dialogynyň medeniýetini dikeltmekde parlamentleriň wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dialogyň, gender deňliginiň, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz azerbaýjan parlamentarilerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de taraplaryň üstünlikli tejribesiniň mundan beýläk-de bilelikdäki işlerde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, iki ýurduň parlamentleriniň howandarlygynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýaşlarynyň ylym we bilim forumlaryny guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk döwletlerdigini, halklarymyzy diňe bir geografiýanyň däl, eýsem, umumy taryhyň, diliň, medeniýetleriň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň hem baglanyşdyrýandygyny, bu beýik mirasy peýdalanmagyň parlament wekilleriniň gönüden-göni wezipesi bolup durýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde mundan beýläk-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we azerbaýjan halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän gatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralarynyň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.