23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu resminama taraplaryň geljekki döwür üçin hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan gol çekildi.
Gol çekişlik dabarasyndan soňra çykyş eden daşary işler ministri R.Meredow köp ýyllardan bäri Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň kabul edilip gelinýändigini belläp, bu gezek onuň 5-nji tapgyryna gadam basylandygyny aýtdy.
Täze maksatnama Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda täze hyzmatdaşlyk döwrüniň başlanandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko bolsa, Türkmenistanyň Hökümetine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.
D.Şlapaçenko täze maksatnamany taýýarlamak üçin 1 ýyldan gowrak bilelikde iş alnyp barlandygyny belläp, köp sanly duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça täze maksatnamanyň işlenip düzülendigini aýtdy. Dipomat täze maksatnamanyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda işjeň ösdürilmegine goşant goşjakdygyny belledi.