22-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi.
Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça Dialogyň bilelikdäki ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ditmar Krissler gatnaşyjylara giriş sözi bilen çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän giň gerimli meseleler boýunça pikir alşyldy. Taraplar adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk tertibiniň we kanunyň hökmürowanlygynyň pugtalandyrylmagy, gender deňligini üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalaryň we hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, demokratik institutlaryň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 5-nji martynda hödürlenen ÝB-niň gender deňligi babatdaky strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigini bellediler.
Dialogyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna, şeýle hem özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli hem-de konstruktiw gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar adam hukuklary boýunça dialogy dowam etdirmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
PDF









