11-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli guralan dabara, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary K. Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso çykyş etdiler.

Dabaralardaky çykyşlarda milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda sowgat eden täze eseriň çuň manylydygyny hem-de onuň dünýä jemgyýetçiligi babatda hem örän uly ähmiýetlidigini bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.