Şu gün 22-nji oktýabrda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Daşary ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — BMG: dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda BMG-niň häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Parahatçylyk we ynanyşmak atly ýörelgeleri şeýle hem hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülen Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk we özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ýokary ykrarynyň nobatdaky güwäsidigi bellenip geçdiler. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanyp 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen maslahatda eden taryhy çykyşynda bitaraplygyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Halkara Bitaraplyk gününi döretmek hakyndaky başlangyç bilen çykyş etdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bu ugurda milli Liderimiziň 2015-nji ýylda öňe süren teklibiniň halkara bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi täze taryhy şertlerde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesiniň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 73 döwletiň awtordaşlygynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde tutuş dünýäde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarynyň dowamlydygyny, bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge goşant goşmaga taýýardygyny giňişleýin belläp geçdi.
Duşuşykdaky çykyşlaryň her birinde ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýyny barha belende galdyrýan, halkyny parahat, asuda günlerde, abadan durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdyldylar.

Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.