«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDC3) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanýar. Deňiz kenaryndaky şäherde-de, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Muňa köçeleriň baýramçylyk bezegleri, bannerler we garşylaýyş ýazgylary şaýatlyk edýär.
Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda giň gerimli çäreler geçiriler. Işewürlik duşuşyklary, tematiki sergiler we Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli günleri guralar.
Maslahat 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
BMG-niň Awaza forumynyň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmäge we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kömek etjek hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň meýdançany döretmekden, bu ugurda netijeli çözgütleri tapmakdan ybaratdyr.
Forumyň maksatnamasy ulag ulgamy we aragatnaşyk, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet ýaly ugurlarda degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar. Onuň çäklerinde medeni-ynsanperwer çärelere, şol sanda dostluk konsertine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Milli günlerine hem aýratyn ähmiýet berler.