21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi degişli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda boljak çäreleriň Tertibi işlenip taýýarlanylýar. Soňra bu Tertip hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ahyryna çenli Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär. Resminamada ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ekologiýa, daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine, saglygy goraýşa, ynsanperwer ulgama degişli möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň başlangyçlary we çemeleşmeleri beýan ediler.
Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň” taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bu resminamany işläp taýýarlamak dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýakyn künjeklerde emele gelen ýagdaýlary, geosyýasy şertleri nazara almak bilen, şeýle hem “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda amala aşyrylar.
Häzirki wagtda howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki abraýly guramalar, goňşy we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda baý taryhy-medeni mirasa we tebigy gymmatlyklara eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Maksatnama halkara syýahatçylyk guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gönükdiriler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hödürlenildi. Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary, wezipeleri hem-de esasy ugurlary kesgitleniler, ýerli haryt öndürijileri, telekeçileri, ugurdaş düzümleri goldamak boýunça çäreler kesgitleniler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigini nygtady. Ýurdumyz özüniň döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalşyp, häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmaga düýpli we jogapkärli taýýarlyk görmegiň, şonda beýan ediljek Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap we ýokarda agzalan ugurlaryň wajypdygyna ünsi çekip, göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.