- 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi.
- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edildi. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny özüniň Konstitusiýasynda beýan eden ýeke-täk döwletdir.
- 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açyldy.
- 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
- 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
- 2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy.
- 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy.
- 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi.
- 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatda geçirildi. Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzümine 20-den gowrak döwlet agza bolup durýar.
- 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi.
- 2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Belläp geçsek, Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda hem ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanypdy we wezipelerini üstünlikli ýerine ýetiripdi.
- 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan goldanyldy.
- Türkmenistan häzirki wagta çenli BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji,
64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji, 77-nji we 79-njy sessiýalaryna wise-başlyklyga saýlandy.
PDF









