Ýurdumyzda şu ýyl şanly sene – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniler. Özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazandy. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy ykdysady garaşsyzlygy has-da berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len, döw­rüň ýag­daý­la­ry­na we ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Ener­gi­ýa­nyň gym­mat däl, yg­ty­bar­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa çeş­me­le­ri­ne giň müm­kin­çi­lik­le­riň bol­ma­gy äh­li ýurt­la­ryň ok­gun­ly ös­me­gi, halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky 78-nji ses­si­ýa­syn­da-da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly ener­ge­ti­ka mo­bil­li­gi ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş ed­ýär. Bu res­mi­na­ma ener­gi­ýa­nyň gym­mat bol­ma­dyk, yg­ty­bar­ly, dur­nuk­ly we döw­re­bap çeş­me­le­ri­ne el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ra ýar­dam et­mek mak­sa­dy­ny özün­de jem­le­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ge­çi­ri­len geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de se­na­gat äh­mi­ýet­li gaz aky­my­nyň alyn­ma­gy bi­len, ýur­du­myz­da ägirt uly ýe­ras­ty ug­le­wo­do­rod gor­la­ry­nyň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň go­ry «Ýaş­lar» we «Ga­ra­köl» ýa­tak­la­ry bi­len bi­le­lik­de 27 tril­li­on kub met­re go­laý möç­ber­de kes­git­le­nil­di. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat möç­be­rin­de öz­leş­dir­mek pu­da­gyň gaz bin­ýa­dy­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly bo­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri­dir. Çeş­me­si «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni bo­lan, «Asy­ryň tas­la­ma­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan Türk­me­nis­tan – Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da 2009-njy ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­lip­di. Şol se­ne hem ne­bit­gaz top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri üçin ýat­dan çyk­ma­jak se­nä öw­rül­di. Çün­ki şol gün­den bä­ri her ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni uly da­ba­ra bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Ägirt iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lan Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ha­ky­kat­dan-da, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­mak­da no­bat­da­ky anyk ädim bo­lup, mil­li ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ma­gyň tä­ze ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek üçin yg­ty­bar­ly gu­ral bo­lup hyz­mat eder.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men te­bi­gy ga­zy­ny dür­li ugur­lar bo­ýun­ça eks­port et­me­giň çig mal bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär we dü­zü­mi ös­dü­ril­ýär. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni tap­gyr­la­ýyn esas­da öz­leş­dir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem mu­ňa do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne baý bo­lan ýa­tak­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ryl­ýan, gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ma­gyň dür­li ugur­la­ry­ny dö­ret­mek, ne­bit­gaz önüm­çi­li­gin­de in­no­wa­si­ýa­la­ry ulan­mak, gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak, düýp­li abat­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak, şol san­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry iş­jeň çek­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Güljahan RAHMANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.