4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň işine gatnaşdy.

Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri EKO-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri ugurdaş sebitleýin döwletara bileleşiginiň 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredilendigini ýatlatmalydyrys. 1992-nji ýyldan başlap, EKO-nyň işi, oňa 7 ýurduň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň girmegi bilen baglylykda, hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Guramanyň häzirki düzümine çenli onuň giňeldilmeginiň senesi –28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär.

1995-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, EKO BMG-de synçy derejesi berildi. Bu düzüm şeýle derejä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) hem eýedir.

Geçen döwürde Türkmenistan we EKO tarapyndan bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Munuň özi bolsa uzakmöhletli geljegi üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşup, EKO girýän döwletler bilen hem ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.

EKO-nyň esasy wezipeleri sebitiň ykdysady taýdan okgunly ösmegi, goşulyşmak işleriniň höweslendirilmegi, Gurama agza ýurtlaryň raýdaşlygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. EKO-nyň esasy maksatlary degişli düzümleriň, sebit we sebitara gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän gurallarynyň döredilmegi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksatlara ýetilmegi bolsa wajyp durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ýokary derejedäki bu duşuşyga hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa Bitarap Watanymyzyň halkara guramalarynyň, şol sanda EKO-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ugruna, ileri tutulýan sebit hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orny eýelemegini üpjün etmäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýeri gelende, Sammitiň barşynda EKO başlyklyk etmek döwrüniň Türkmenistana geçendigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň şol jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Onlaýn-duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň şu günki mejlise geçilen ýola baha bermek we seljermek nukdaýnazaryndan hem, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek babatda hem bu Guramamyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, umuman, EKO-nyň işiniň depginli häsiýetini, sebitleýin hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz geografiýasy, taryhy, däp-dessurlary we gymmatlyklary arkaly birleşen döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň usuly hökmünde EKO-nyň birleşdiriji mazmunyny belledi. Ony biziň tebigy artykmaçlyklarymyz we umumy bähbitlerimiz esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hakyky gurluş diýip atlandyrmagy dogry hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde EKO-nyň baş wezipesi ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmekdir. Sebäbi, EKO-da diňe bir ählumumy we sebitdäki ykdysady işlere barabar gatnaşmak däl, eýsem, şol işleriň ösüşine işjeň täsir etmäge hem zerur mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu meselede Türkmenistan EKO-daky geljekki öz başlyklygyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza bildiren ynamy üçin, agza döwletlere uly minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň öz başlyklygyny jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýändigini, onuň üstünlikli, netijeli we gatnaşyjylaryň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň EKO-nyň işini sebiti netijeli ösdürmegiň şertleriniň biri hasaplaýandygyny, bu Guramada onuň agza ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikleri görýändigini belledi.

– Şunuň bilen birlikde, biz döwletleriň we halklaryň abadançylygy hem-de gülläp ösmegi, sebitde parahatçylyk we öňe gitmek üçin EKO-nyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy öz umumy wezipelerimiz hasaplaýarys. EKO-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan şu maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda – Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.