Ýurdumyz iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýar. Häzirki wagtda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alynyp barylýar.
“Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Bu barada 13-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi we hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.