Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler bar. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi. Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 14-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.