Azerbaýjan Respublikasynyň Genje şäherinde GDA ýurtlarynyň III Oýunlarynyň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi. Çäre täze ulanyşa berlen stadionda guraldy.
Resmi açylyş dabarasy Azerbaýjanyň döwlet baýdagynyň galdyrylmagy bilen başlandy, soňra bolsa oýunlara gatnaşyjylaryň ýörişi geçirildi. Umuman, GDA ýurtlarynyň Oýunlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden, şeýle hem Kubadan, Kuweýtdan, Omandan, Pakistandan we Türkiýeden jemi 2400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär.
GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow Baş sekretar Sergeý Lebedewiň guramaçylara, gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenmesini okady hem-de GDA ýurtlarynyň III Oýunlarynyň Arkalaşygyň sport hereketiniň taryhynda ýagty yz galdyrjakdygyna we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra GDA ýurtlarynyň Oýunlaryna gatnaşyjylaryň — türgenleriň, tälimçileriň we eminleriň kasam kabul etmek dabarasy geçirildi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew GDA ýurtlarynyň III Oýunlarynyň resmi taýdan açylandygyny yglan etdi. Şondan soňra resmi aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen GDA-nyň baýdagy galdyryldy.
Açylyş dabarasy Azerbaýjanyň taryhy we medeni däp-dessurlary barada gürrüň berýän teatrlaşdyrylan çykyş bilen dowam etdi. Asmana parahatçylygy aňladýan ak guşlar uçuryldy. Dabara dronlaryň şüweleňi we ägirt uly feýerwerk bilen tamamlandy.


GDA ýurtlarynyň III Oýunlary Azerbaýjanyň ýedi şäherinde geçirilýär we 8-nji oktýabrda tamamlanar. Maksatnama 21 sport görnüşi boýunça bäsleşikler girizildi, olar boýunça 505 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.
GDA ýurtlarynyň ilkinji Oýunlary 2021-nji ýylyň sentýabrynda Kazanda, ikinjisi bolsa 2023-nji ýylyň awgustynda Belarusda geçirildi.
Oýunlary geçirmek pikiri Russiýa tarapyndan öňe sürlüp, 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbede geçirilen GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde goldanylypdy.