Özüniň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde dünýädäki abraýy barha belende galýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm merkezine öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan ata Watanymyzda dünýäde we sebitde parahatçylygyň höküm sürmegi, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti örän uludyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti geçirildi.
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň hem-de Pakistanyň döwlet Baştutanlary uly wekilçilikli topar bilen ýurdumyza geldi.
Halkara maslahatlardyr sammitleri hem-de forumlary guramak üçin uly tejribe gerek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly ösüşe eýe bolýan ýurdumyz özüniň ykdysady kuwwatyny hem barha pugtalandyrýar. Eziz Diýarymyz halkara forumdyr sammitleri hem-de ýokary derejedäki çäreleri guramak üçin baý tejribe toplady. Ýurdumyzda ýokary derejedäki köp sanly duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi özboluşly häsiýete eýe boldy. Şeýle duşuşyklary guramak üçin paýtagtymyz Aşgabatda ähli şertler döredildi. Aşgabadyň halkara howa menzili ýokary derejedäki myhmanlary garşylamak üçin ähli mümkinçilige eýedir. Mundan başga-da, paýtagtymyzda dürli derejedäki kaşaň binalardyr myhmanhanalar ýokary derejedäki myhmanlaryň kabul edilmegi hem-de iri sammitleri guramak üçin degişli infrastrukturalara eýedir. Ine, şeýle ajaýyp binalaryň biri hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» oteli boldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti şu kaşaň myhmanhanada geçirildi. Bu ýerde nobatdaky duşuşygyň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy başlangyçlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary we taslamalary öňe sürýär. Şunda energetika hem-de ulag ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar.
Umuman, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Düzümine Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan girýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Guramanyň esasy wezipeleri hökmünde oňa agza ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşi üçin şertleri döretmek maksady bilen, köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlyga ýardam bermek, söwda, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek kesgitlenendir.
Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýär. Döwletimiziň bu gurama başlyklyk etmegi şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi.
Ýurdumyzda YHG-nyň agzasy bolan beýleki ýurtlar bilen hereketleri utgaşdyrmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyz özüniň YHG-däki hyzmatdaşlary bilen ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy wajyp strategik ugurlar hökmünde kesgitläp, bu ugurlarda möhüm ädimleri ädýär.
Umuman, ýurdumyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda özüniň baý terjibesini hem-de ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär.
Akgözel ŞAÝYMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.