Soňky ýyllarda Türkmenistan özüniň täze filmleri bilen halkara kinofestiwallaryna işjeň gatnaşýar. Türkmen kinolary özüniň baý taryhy hem-de häzirki zaman şertlerinde düşürilen kämil kino görnüşleri bilen halkara festiwallarynda ýurdumyza wekilçilik edýärler.

Ine, ýene-de birnäçe günde Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde türk dünýäsiniň meşhur “Korkut ata”  film festiwaly geçirilýär. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan kino we sunagt işgärleri gatnaşýarlar. Türkmenistan hem bu kino festiwalyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen birnäçe meşhur filmler bilen gatnaşýar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Gyzyl kürte”, “Istärin” hem-de “Dutaryň” owazy atly filmler 1-5-nji noýabr aralygynda geçirilýän fil festiwalynda türk hem-de türki dünýäsiniň kino tomaşaçylaryna hödürlener.

Film festiwalynda Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýede, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we beýleki birnäçe ýurtlardan filmler gatnaşýar.

Bursa şäherindäki “Zafer Plaza” kino salonynda 1-nji noýabrda “Istärin” hem-de Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof.Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde “Dutaryň owazy” filmleri, 2-nji noýabrda “Taýýare” medeniýet merkezinde “Istärin”, “Merinos Atatürk” kongres medeniýet merkezinde “Gyzyl kürte” filmleri, 3-nji noýarbda Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof.Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde “Dutaryň owazy” hem-de “Merinos Atatürk” kongres medeniýet merkezinde “Gyzyl kürte” filmleri görkeziler.

Şeýle hem Türkmenistandan rezissýor Sahysalyh Baýramow bu film festiwalynyň eminler toparynda hem orun alýar.