Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.