Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.
Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp mümkinçilikler döredildi.
Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 7-nji aprelinde asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 – 7-nji aprel aralygynda dürli maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, medeni çäreleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we dabaraly sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.
Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyna uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 194 agza döwletden ybarat bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde esasy wezipesi dünýä ilatynyň halkara saglyk meselelerini çözmekden ybaratdyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1948-nji ýylda esaslandyryldy we onuň merkezi Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Konstitusiýasy tassyklanyldy we şol günden bäri 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.