Ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwaly (The World Orchestra Festival 2025) geçirilip, oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri gatnaşdy. Bu barada “Zaman Türkmenistan” gazetiniň habarçysyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň baş hünärmeni Magtymguly Annagylyjow habar berdi.
2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan bu festiwal her ýyl şagalaňly geçirilip, dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bu ýere ýygnaýar.
Bütindünýä orkestr festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň çakylygy esasynda türkmen sazandalary bu ýyl 11-nji gezek geçirilýän festiwala ikinji gezek gatnaşdylar.
Festiwala ýurdumyzyň Ýaşlar kamera orkestri bilen bir hatarda Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Polşa, Irlandiýa, Estoniýa, Kosowo, Çernegorýe, Malaýziýa, Hytaý, Indoneziýa, Gonkong, Çili, Ekwador hem-de Türkiýe döwletlerinden jemi 40-dan gowrak orkestr gatnaşdy.
Şeýle hem, festiwalyň dowamynda Awstriýaly tanymal dirižýor, professor Nil Waron türkmen sazandalary bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçirdi.
Festiwalyň çäklerinde orkestriň arasyndaky bäsleşik hem örän çekeleşikli geçdi. Bäsleşikde joşgunly ýerine ýetirişi bilen üstünlikli çykyş eden türkmen sazandalary emin agzalaryň ünsüni özüne çekmegi başardylar.
Konsertiň ahyrynda festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalaryň biragyzdan ses bermegi bilen türkmen sazandalary “Kamera orkestri” ugry boýunça “Altyn baýraga” mynasyp boldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bäsleşigiň emin agzalary türkmen sazandalaryň çykyşyna ýokary baha berip “Iň gowy dirižýor”, “Nusgawy sazy iň gowy ýerine ýetirmek” we “Iň gowy täsirli ýerine ýetirmek ussatlygy” ugurlaryndan ýörite Sertifikatlar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly Ýaşlar kamera orkestri 2024-nji ýylda geçirilen Halkara festiwalynda hem “Altyn baýraga” mynasyp bolupdy.
Festiwalyň döredijilik komitetiniň Prezidenti britan dirižýory, professor Tobi Pýorser, bu orkestr bilen bilelikde konsertleri guramagy, mümkin bolan pursatda Türkmenistana gelmek isleýändigini nygtady.
Bu abraýly çärä gatnaşmaga döredilen ähli şertler üçin ýurdumyzyň ýaş sazandalary, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge giň ýollar açyp berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, çäksiz alkyşlaryny beýan edip, olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!