Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz özüniň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynda ähli döwletler hem-de halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirýär. Ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa ykdysady geňeşi ýaly guramalar bilen ýakyn gatnaşyklar saklaýar. Muňa bu guramalaryň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki mejlislere türkmen wekiliýetiniň yzygiderli gatnaşmagy aýdyň subutnamadyr.
Mälim bolşy ýaly, golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistan döwletimiz bu geňeşiň düzümindäki ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu ýurtlar biziň döwletimiziň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ÝHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşmagy, bu geňeşiň düzümindäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, şol bir wagtda öz gezeginde geňeşe agza ýurtlaryň hem türkmen döwleti bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanýandygynyň subutnamasydyr.
Şeýle hem Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza döwletleri bilen biziň ýurdumyzy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanan taryhy gatnaşyklar, köpýyllyk hyzmatdaşlyk birleşdirýär.
Türkmen wekiliýeti Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen bolan duşuşykda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bolşy ýaly, beýleki ugurlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilşimiz ýaly, bir aý mundan öň türkmen wekiliýeti Moskwa şäherinde iş saparynda bolup, onuň çäklerinde russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragyny geçirip, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan gowragyna gol çekilmegi däp bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine täze itergi berdi. Biziň ýurdumyz Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri ýaly iri sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Tatarystanyň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi. Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda awtomobil tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek, uçar hem-de gämi gurluşyk, serwis hyzmatlary we beýlekiler bar. «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti, «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» paýdarlar jemgyýeti, «Ak bars» gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýeti bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kazanda bolmagynyň çäklerinde, kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Söwda-ykdysady hem-de bank ulgamlarynda, nebitgaz pudagynda, halk hojalygynda, howa we suw ulaglarynyň, işewürlik düzümleriniň ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde has-da ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär.
Begenç BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.