16-njy few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­ji­ýe­wiň Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky tä­ze bel­le­nen (otur­ýan ýe­ri As­ta­na şä­he­ri) Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si And­re Kars­tens bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
W.Ha­ji­ýew Il­çi­ni we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de oňa dip­lo­ma­tik işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gep­le­şik­le­ri gi­ňelt­mek­de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çä­gin­de iş­jeň gat­na­şyk­da bol­mak, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ýo­kar­lan­dyr­mak, hu­su­san-da yzy­gi­der­li sy­ýa­sy mas­la­hat­laş­ma­lar me­ha­niz­mi­ni dö­ret­mek üçin aý­ra­tyn orun be­ril­di.
Ta­rap­lar Ýew­ro­pa Bi­le­li­şi­gi­niň çä­gin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len «ÝB-Türk­me­nis­tan» Bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­ti dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wag­ta çen­li bi­le­lik­dä­ki to­pa­ryň 20 sa­ny mej­li­si ge­çi­ril­di. Iň soň­ky mej­li­si 2022-nji ýy­lyň 24-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di.
Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni bel­läp, W.Ha­ji­ýew söw­da­ny ös­dür­me­giň ýol­la­ry­ny tap­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy­ny, şol san­da Işe­wür­ler ge­ňe­şi­ni ýa-da Iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ar­ka­ly bel­läp geç­di.
Dip­lo­mat­lar soň­ky du­şu­şy­gy 2022-nji ýy­lyň 17-nji no­ýab­ryn­da Sa­mar­kand şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa-Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» for­ma­tyn­da­ky se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­lyk ins­ti­tut­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.