Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ýurduň çäginde sportuň täze görnüşleriniň we ugurlarynyň ykrar edilmegi boýunça täze tertibi tassyklady. Degişli №297-Ö belgili buýruga bu döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow tarapyndan 2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda gol çekildi we 15-nji awgustda Adalat ministrligi tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy.
Resminama Türkmenistanyň Sport görnüşleriniň döwlet sanawyna täze sport görnüşleriniň goşulmagy üçin anyk ölçütleri we düzgünleri kesgitleýär. Täze tertibe laýyklykda ýurdumyzda geçirilýän resmi çempionatlar, birinjilikler we kubok ugrundaky ýaryşlar diňe şol döwlet sanawyna girizilen sport görnüşleri boýunça guralar.
Täze kadalaşdyryjy hukuk namasy sport görnüşleriniň ykrar edilmegi üçin berk ölçütleri kesgitleýär. Sportuň täze görnüşleri Türkmenistanda ykrar edilen sport görnüşlerinden mazmun taýdan tapawutlanýan düzgünlere, bäsleşik hereketleriniň görnüşlerine we olaryň bahalandyryş usullaryna, türgenleşik gurşawyna, ulanylýan sport öwselesi (gorag serişdelerini hasaba almazdan) we enjamlaryna görä tapawutly aýratynlyklara eýe bolmalydyr.
Şeýle hem resminamada teatr, saz, sirk ýa-da kino sungatynyň bir bölegi bolup durýan hereketleriň sanawa girizilmegine ýol berilmeýändigi aýratyn nygtalýar. Şeýle görnüşleriň arasynda zorlugy, rehimsizligi ýa-da diskriminasiýanyň islendik görnüşini wagyz edýän sport görnüşleriniň ykrar edilmegi düýbünden gadagan edilýär.
Täze sport görnüşleriniň ykrar edilmegi üçin ýüz tutmaga hukukly guramalar üç topardan ybaratdyr. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektleri adaty sport görnüşleri boýunça, bedenterbiýe we sport guramalary, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar sportuň milli görnüşleriniň we olaryň sport ugurlarynyň ykrar edilmegi boýunça, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça ykrar edilmegi üçin ýüz tutup bilýärler.
Ýüz tutma bilen birlikde Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda degişli sport görnüşiniň ösüşi barada giňişleýin maglumatlar, sportuň täze görnüşleriniň meýilnamasy we bu görnüşlerde ulanylýan sport öwselesi baradaky gysgaça beýan, ýaryş düzgünleriniň taslamasy ýa-da olaryň halkara sport federasiýasy tarapyndan berlen resmi terjimesi hödürlenmelidir.
Arza boýunça resminamalaryň seredilmegi üçin anyk möhletler kesgitlenildi. Ýörite döredilen bilermenler topary arza bilen gelen resminamalary 10 iş gününiň dowamynda seljerýär we ykrar etmek ýa-da ret etmek baradaky karara gelýär. Oňyn karar kabul edilen halatynda, täze sport görnüşi 2 iş gününiň dowamynda Döwlet sanawyna girizilýär, arza berijilere bolsa 3 iş gününiň dowamynda resmi habar iberilýär.