18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmyň gazananlary, täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy usullardyr döwrebap tehnologiýalar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.