14-nji noýabrda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi G.Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar ähli ugurlarda üstünlikli ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda alnyp barylýan ysnyşykly dialogyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, umumy ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Şol bir wagtda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.