12-nji noýabrda Brýusselde Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Foruma sebit ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistana Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi S. Pälwanow wekilçilik etdi.
Geçirilen duşuşykda durnukly ösüş, sebitleýin baglanyşyk, ynsanperwer goldaw hem-de sebitiň durnuklylygyň we abadançylygynyň bähbidine Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň amaly formatlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň deňagramly we oýlanyşykly garaýyşlaryna aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşiniň sebit howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny, muňa ýetmegiň iň netijeli ýolunyň bolsa ykdysady goşulyşma, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ýerlerde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtady.
Duşuşygyň öňüsyrasynda, 11-nji noýabrda, Türkmenistanyň wekiliýeti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs hem-de ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Žil Bertran bilen iş duşuşygyny geçirdi. Ýewropa tarapy Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň aýratyn ähmiýetini belläp, sebit ýurtlarynyň owgan ugry boýunça durmuşa geçirýän amaly ädimlerine uly gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň merkezi meseleleriniň hatarynda suw gün tertibi, serhetýaka hyzmatdaşlygy hem-de energetika we ulag baglanyşygy boýunça iri infrastruktura taslamalary boldy.
Hususan-da, TOPH gaz geçirijisi ýaly möhüm taslama aýratyn bellenildi. Şeýle hem, elektrik energiýasyny geçirmek boýunça beýleki infrastruktura ugurlary, şol sanda gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy şeýle ädimleriň serhetýaka welaýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny durnuklaşdyrmak, jemagat hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin täze mümkinçilikleri döredilmek üçin amaly ähmiýetini nygtady.
Ynsanperwer ugurda Türkmenistan owgan halkyna elektrik energiýasy we ilkinji zerurlykdaky harytlar boýunça kömek bermegi, şeýle hem bilim mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär.
Brýusselde geçirilen gepleşikler Owganystana degişli giň gerimli meseleler boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini tassyklady.
Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisiniň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça meýiller tassyklandy.