Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň ahyrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiz bu ýylda Garaşsyz ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljakdygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. “Ýakynda gol çekilen Permanyň esasynda bu ugurda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Biz bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary ederis. Ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen asylly işlere mynasyp goşant goşarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine ünsi çekdi.
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly dörediler
Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer H.Geldimyradowa öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy.
Azyk önümleriniň gaplarynyň bezegine ýylyň şygarynyň nyşany ýerleşdiriler
Soňra Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýubileý ýyly mynasybetli baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe dürli görnüşli, ýokary hilli azyk harytlary, şol sanda çörek we çörek önümleri, gök-bakja önümleri, dürli miweli içgiler, suwlar bilen üpjünçiligi üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri azyk önümleriniň gaplarynyň bezegine-de aýratyn üns bermegi, olarda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň gelşikli ýerleşdirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de wise-premýere ýurdumyzy, aýratyn-da, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen, arassaçylygy, abadançylygy üpjün etmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, çäreleriň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleriň döredilmegini, bu möhüm senä taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli sowgatlyk harytlar baradaky meselä geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary N.Atagulyýewe Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz dokma kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümleri öndürmelidiklerini aýtdy, wise-premýere geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamy bermegi, halkara çärelere gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Halkara çäreler bilen ugurdaş çäreler guralar
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, bu halkara çäreleri hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary işler ministrine halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi hem-de olara gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreler bilen bagly ulag-aragatnaşyk meselelerine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny guramagyň, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalaryny awtoulaglar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka boljakdygyna berk ynam bildirdi.