21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Gruziýanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy dialogy berkitmek, ikitaraplaýyn ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň BMG-niň çäklerinde birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandyklary we olaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändikleri bellenildi.
Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny belledi.