Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Parahatçylyk, ynanyşmak, dialog we durnukly ösüş bilen bagly öňe sürülýän halkara başlangyçlar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýokary hünär derejesini aýdyň görkezýär.
Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda möhüm hünär baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu sene ýurdumyzyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän, Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara giňişliginde gorap, abraýyny dünýäde has-da belende göterýän diplomatlara goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr.
Diplomatik gulluk döwlet gullugynyň iň jogapkärli ugurlarynyň biri bolup, çuňňur bilimleri, giň dünýägaraýşy, ýokary syýasy medeniýeti we Watana wepalylygy talap edýär. Türkmenistanyň diplomatik işgärleri häzirki wagtda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara düşünişmäge, parahatçylykly dialoga we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýärler.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň taryhy ösüşi Garaşsyzlyk gazanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. 1991-nji ýylda Garaşsyz döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiligine çykmak bilen, ýurdumyz özbaşdak daşary syýasatyny kemala getirmäge başlady. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagy diplomatik gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Şondan bäri ýurdumyz halkara hukugynyň doly hukukly subýekti hökmünde dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip gelýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Kararnamany kabul etdi. Bu ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklaýan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamadyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ikinji gezek, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň taryhyndaky iň möhüm wakalaryň biridir. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň halkara syýasatyndaky aýratyn ornuny kesgitledi. Häzirki wagta çenli Türkmenistan 8 gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda wise-başlyklyga saýlanyldy hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamalar kabul edildi. Bu wakalar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň uly üstünligi bolup, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilen nusgasyna öwrüldi. Parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, oňyn bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gündelik işinde esasy ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynda hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurtda diplomatik işgärler diňe bir nazary bilimler bilen çäklenmän, eýsem, amaly başarnyklary we halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman gurallaryny özleşdiren hünärmenler hökmünde taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň diplomatik işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bolup, hünärmenleriň taýýarlygynda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Diplomatlar türkmen, rus we iňlis dillerinden başga-da gündogar dillerini (arap, pars, türk, hytaý, ýapon), Ýewropa dillerini (fransuz, nemes, ispan) çuňňur öwrenýärler. Diňe ýaş işgärler däl, eýsem, tejribeli diplomatlar hem yzygiderli okuwlara çekilýär. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanyndaky diplomatik kurslar arkaly gullukda duran işgärler dünýädäki täze syýasy meýiller, sanly diplomatiýa we protokol kadalary boýunça öz bilimlerini artdyrýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň diplomatik gullugy yzygiderli ösdürildi, daşary ýurtlardaky ilçihanalaryň we konsullyk edaralarynyň ulgamy giňeldildi, ýokary hünärli diplomatlar kemala getirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik işgärleri dünýäniň köp döwletinde üstünlikli zähmet çekip, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleri diňe bir daşary ýurtlarda däl, eýsem, ýurduň içinde hem halkara forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini üpjün edýärler. Şeýle çäreler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ösüş mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredýär.
18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde bellenip, bu ugurda zähmet çekýän ähli hünärmenlere, weteran diplomatlara hem-de ýaş işgärlere tüýs ýürekden gutlaglar aýdylýar. Olaryň Watana wepalylygy, jogapkärçiligi we ýokary hünär derejeleri ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine hyzmat edýär.
Goý, Türkmenistanyň diplomatik gullugy mundan beýläk-de döwletimiziň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, parahatçylykly, durnukly we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşsun.
Akmyrat Aşyrow,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
PDF









