13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hirosi Sasaki bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigi barada nygtaldy. Taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň orny barada aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.