18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (ift 2026) geçirildi. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «TMT Consulting Group» bilen hyzmatdaşlygynda guraldy.

«Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly hu­su­sy pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­rum in­di ikin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär we eý­ýäm özü­ni ynam­ly, ne­ti­jä gö­nük­di­ri­len meý­dan­ça hök­mün­de gör­kez­di. Bu fo­rum işe­wür­ler jem­gy­ýe­ti­niň, hal­ka­ra ma­ýa­dar­la­ryň we döw­let eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da gur­luş­ly gep­le­şik­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Il­kin­ji fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty bi­len ama­ly, hyz­mat­daş­ly­ga esas­la­nan for­ma­tyň ne­ti­je­li­li­gi­ni tas­syk­la­dy. Ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler­den ugur alyp, IFT 2026 işe­wür­lik we ma­ýa go­ýum me­ýil­na­ma­sy­ny gi­ňelt­me­gi, has köp hyz­mat­daş­lyk­la­ry we ma­ýa go­ýum yla­la­şyk­la­ry­ny iş­läp çyk­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň, umu­man, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ös­me­gi­ne go­şant go­şar.
IFT 2026 hu­su­sy pu­dak bi­len döw­let eda­ra­la­ry­nyň gö­ni hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan ama­ly, oňyn ne­ti­jä gö­nük­di­ri­len işe­wür we ma­ýa go­ýum meý­dan­ça­sy­dyr. Gat­na­şy­jy­la­ra hyz­mat­daş­lar, de­giş­li döw­let eda­ra­la­ry we B2B we B2G gör­nü­şin­dä­ki du­şu­şyk­la­ra pu­dak­la­ýyn gi­riş müm­kin­çi­lik­le­ri be­ril­ýär, bu bol­sa B2C gör­nü­şin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len gi­ňel­dil­ýär. Fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň 18 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra ser­gi bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp ge­çi­ril­ýär, bu bol­sa işe­wür­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry we ba­za­ra çyk­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has hem gi­ňeld­ýär. IFT 2026-a gat­naş­mak, ma­ýa­dar­larа we kom­pa­ni­ýa­la­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ba­zar­la­ra çyk­ma­ga, ka­nun­çy­lyk we ins­ti­tut­lar bi­len ta­nyş­ma­ga, Türk­me­nis­tan­da işe­wür­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry gur­ma­ga we ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ze­rur bo­lan ama­ly gu­ral­la­ry bir­ba­da öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.


Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar tas­la­ma­la­ry ta­nyş­dyr­mak, müm­kin bo­lan hyz­mat­daş­lar we ma­ýa go­ýu­jy­la­ryň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çir­mek, şeý­le hem ma­ýa go­ýum hem-de tas­la­ma­la­ra gol­daw ber­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­du­lar.
«Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly ösü­şin­de we ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da hu­su­sy pu­da­gyň tut­ýan or­ny» at­ly umu­my bö­lüm bi­len öz işi­ne baş­lan maslahat «Döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy hem-de döw­let gol­da­wy – yk­dy­sa­dy ösü­şiň gi­re­wi», «Hu­su­sy pu­da­gyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­ri we azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de eýe­le­ýän or­ny», «Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy we inf­rast­ruk­tu­ra: gur­lu­şyk, se­na­gat we ulag ul­gam­la­ry­na ma­ýa go­ýum­lar», «San­ly Türk­me­nis­tan: ma­ýa go­ýum gur­şa­wy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi» at­ly bö­lüm­ler bi­len do­wam et­di. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­jak ýy­lyn­da ýaý­baň­lan­dy­rylan bu giň ge­rim­li hal­ka­ra fo­rum ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­niň hem-de baş­lan­gyç­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di.