5-nji sentýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.
Çäräniň dowamynda GDA ýurtlarynda bar bolan häzirki zaman ynsanperwer meseleler we olary çözmegiň ýollary, döwlet düzümleri bilen hyzmatdaşlyk tejribesi hem-de milli jemgyýetleriň öz mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem duşuşykda milli jemgyýetleriň meýletinçilik hereketini ösdürmekde we girdeji getirýän işjeňlikleri ýola goýmakdaky tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli jemgyýetleriň wekilleri öz tejribeleri bilen paýlaşdylar, pikir alyşdylar we bu ugurlarda tekliplerini beýan etdiler diýip, «Türkmenportal» habar berýär.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýeti we Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamalara gol çekdi.
Ähtnamalara gol çekmek dabarasyndan soň duşuşygyň jemleri boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar her bir adamyň durmuşyny, saglygyny we mertebesini goramak ugrunda parahatçylygy, ynamy we raýdaşlygy berkitmek isleglerini özünde jemleýän Jarnamany kabul etdiler.