11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly ruhubelentlik bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.
Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem bu göreldä eýerdiler.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki çäre we umuman, beýik söz ussadyna bagyşlanyp ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilýän beýleki çäreler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.